Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:14 - Mukaddes Kitap

14 Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Давудың адамлары Шавул билен Ёнатаның сүңклерини Бенямин топрагында – Селада, Шавулың какасы Кишиң губры гойлан гүммезде җайладылар. Олар патышаның әхли табшырыгыны ерине етирдилер. Шондан соң Худай юрт үчин эдилйән дилеглери кабул этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňklerini ol ýerden getirtdi. Öldürilip, ýeriň ýüzüne serlenleriň hem süňklerini topladylar.


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.


Abneri Hebronda jaýladylar. Onuň gubrynyň başynda patyşa ses edip aglady, tutuş halk-da oňa goşuldy.


Soňra Dawut nökerlerine emr etdi; nökerler olary öldürdiler we el-aýaklaryny kesip, göwrelerini Hebrondaky howdanyň üstünden asdylar. Yşboşediň kellesini bolsa äkidip, Hebronda Abneriň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Soňra olar Ýunusy göterdiler-de, deňziň düýbüne goýberdiler. Deňiz dessine köşeşdi.


Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.


Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».


Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.


Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.


Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.


Şu gün meniň ýanymdan gideniňden soň, benýamin topragyndaky Selsada, Raheliň mazarynyň ýanynda saňa iki sany adam duşar. Olar: „Eşekleriňiz tapyldy. Kakaň eşeklerden geçip, ‘Ogluma näme bolduka?’ diýip, seniň gaýgyňy edip otyr“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ