Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:12 - Mukaddes Kitap

12 Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşeýan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşeýan meýdançasyndan ogurlapdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Давут барып, Шавул билен онуң оглы Ёнатаның сүңкүни Гилгатдакы ябешлилерден алды. Пилиштлилер олары Гилбогада өлдүрип, Бейтшеян мейданчасында асыпдылар. Гилгатдакы ябешлилер болса олары Бейтшеян мейданчасындан огурлапдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany siziň üstüňizde syndy.


Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.


Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,


Aýanyň gyzy, Şawulyň gyrnagy Rispanyň bu eden işini Dawuda habar berdiler.


Dawut Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňklerini ol ýerden getirtdi. Öldürilip, ýeriň ýüzüne serlenleriň hem süňklerini topladylar.


Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.


onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.


Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagynda Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini tapdylar.


Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.


Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy.


Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.


Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.


Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ