Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:10 - Mukaddes Kitap

10 Aýanyň gyzy Rispa şol ýerdäki gaýanyň ýüzünde bir köne haltany düşendi-de, arpa oragynyň başyndan tä jesetleriň üstüne ýagyş ýagyp başlaýança, ol ýerde oturdy; ol jesetleri gündizine guşlardan, gijesine wagşy haýwanlardan gorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Аяның гызы Риспа шол ердәки гаяның йүзүнде бир көне халтаны дүшенди-де, арпа орагының башындан тә җесетлериң үстүне ягыш ягып башлаянча, ол ерде отурды; ол җесетлери гүндизине гушлардан, гиҗесине вагшы хайванлардан горады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:10
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýene üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».


Aýanyň gyzy, Şawulyň gyrnagy Rispanyň bu eden işini Dawuda habar berdiler.


Şawulyň Rispa atly bir gyrnagy bardy. Rispanyň atasyna Aýa diýýärdiler. Bir gün Yşboşet Abnere: «Näme üçin kakamyň gyrnagy bilen ýatdyň?» diýdi.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.


Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.


Ýaz möwsüminde Rebden ýagyş diläň. Gara bulutlar getirýän Reb olara güýçli çabgalar ýagdyrýar, her kesiň meýdanynda otlar bitirýär.


Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.


Egnindäki ýesirlik geýimlerini çykaryp, seniň öýüňde tutuş bir aý oturyp, ene-atasynyň ýasyny tutsun. Şondan soň sen onuň ýanyna girip, onuň adamsy bolarsyň, ol hem seniň aýalyň bolar.


Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz,


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi.


Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ