Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 21:1 - Mukaddes Kitap

1 Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Давудың дөврүнде үч йыла чекен ачлык болды. Давут Реббе йүзленди. Реб оңа: «Шавулың ган дөкмеги онуң өзүниң ве неслиниң бойнунадыр, себәби ол гибгонлылары гыргынчылыга берди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 21:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi.


Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi.


Ýusupdan galla satyn almak üçin, Müsüre dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar geldiler, çünki bütin dünýäde açlyk barha güýjeýärdi.


Müsüre galla satyn almaga gelenleriň arasynda Ysraýylyň ogullary-da bardy, çünki Kenganda-da açlykdy.


Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy.


Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi.


Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.


«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.


Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.


Gabaw edilen Samariýada elhenç açlyk başlandy. Samariýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse kepderi derisini bolsa bäş kümüş teňňä satdy.


Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».


Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.


Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi.


Biz olar bilen şeýle ederis: öz eden kasamymyza Rebbiň gazaby başymyzdan inmez ýaly, olary diri galdyrarys.


Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.


Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.


Indi şeýdip, Öz guluňyň eşidişi ýaly, Şawul gelermi? Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluňa aýdaý!» diýdi. Reb: «Ol geler» diýdi.


Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.


Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ