Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 20:6 - Mukaddes Kitap

6 Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Давут Абышая: «Инди Бикри оглы Шеба бизе Абшаломданам көп зыян берер. Өз җенабыңың гулларыны ал-да, онуң ызындан ков, ёгсам, ол өзүне берк галалар тапар-да, бизден сыпар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 20:6
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlar Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap ammonlar bilen söweşmesini bes edip, yzyna gaýtdy we Iýerusalime geldi.


Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.


Emma ol adam Ýowaba şeýle diýdi: «Müň kümüş berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym, sebäbi patyşa: „Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy goraň“ diýip, saňa, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berendigini öz gulagymyz bilen eşitdik.


Ol goşuny üç topara böldi: bir topara Ýowap, bir topara Seruýanyň ogly, Ýowabyň dogany Abyşaý, üçünji topara bolsa gatly Ytaý baştutanlyk edýärdi. Patyşa özüniň hem olaryň ýanlarynda boljakdygyny olara aýtdy.


Indi bar-da, öz adamlaryň bilen mylakatly gepleş, Rebden ant içýärin, eger gitmeseň, şu gije ýanyňda bir adamam galmaz. Bu bolsa seniň üçin ýaşlygyňdan tä häzire çenli gören ýamanlyklaryňyň baryndan beter bolar».


Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyldamdy.


Emma Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi. Şondan soň Dawudyň adamlary: «Indi sen biziň bilen bile söweşe çykma, goý, Ysraýylyň çyrasy sönmesin» diýip, oňa kasam etdiler.


Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.


Şeýdip, Ýowap we onuň dogany Abyşaý Gibgonda bolan uruşda öz doganlary Asaheli öldüren Abneriň janyna kast etdiler.


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň.


Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.


Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.


Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ