Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 20:19 - Mukaddes Kitap

19 Biz Ysraýylyň parahat hem wepadar adamlarydyrys. Ysraýyl galalarynyň enesi bolup duran galany näme üçin ýykmak isleýärsiň? Näme üçin Rebbiň beren mirasyny ýok etmek isleýärsiň?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Биз Ысрайылың парахат хем вепадар адамларыдырыс. Ысрайыл галаларының энеси болуп дуран галаны нәме үчин йыкмак ислейәрсиң? Нәме үчин Реббиң берен мирасыны ёк этмек ислейәрсиң?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 20:19
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?!


meni diňlär hem-de öz gyrnagyny we onuň ogluny Hudaýyň halkyna beren mülkünden mahrum etjek bolýanlaryň elinden halas eder,


Indi haýal etmän, adam iberiň-de, Dawuda şu habary ýetiriň: „Şu gije çölde – derýanyň saý ýerinde galman, aňry tarapa geçmese, patyşanyň özi-de, ýanyndaky tutuş goşun-da heläk bolar“».


Aýal şeýle diýdi: «Öňler: „Abelde maslahat alsynlar“ diýip aýdardylar, şeýdibem, işi tamamlardylar.


Ýowap şeýle jogap berdi: «Ýok-la! Daş edewersin! Hudaý saklasyn! Galany ýykmak ýa-da ýok etmek meniň etjek işim däl!


Dawut gibgonlylara: «Men siziň üçin näme edeýin? Rebbiň saýlan halkyna pata bermegiňiz üçin, bu günäden nädip saplanarkam?» diýdi.


Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň».


Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.


Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal.


Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy.


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar, sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar. Olar: «Biz ony ýuwutdyk! Ine, şudy biziň garaşýan günümiz. Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.


Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.


Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.


Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy.


Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.


Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.


Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.


Duşmanyňyza garşy söweşmek üçin, gala ýakyn geleniňizde, olara parahatçylygy teklip ediň.


Öz halkydyr Rebbiň paýy, öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.


Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň.


Debora heniz gelmezinden öň, ene hökmünde orta çykarmazyndan öň, Ysraýyl obalarynda hiç kim galmandy.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ