Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 20:13 - Mukaddes Kitap

13 Emasanyň jesedi ýoldan aýrylandan soň, goşun Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin, Ýowabyň yzyna düşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмасаның җеседи ёлдан айрыландан соң, гошун Бикри оглы Шебаның ызындан ковмак үчин, Ёвабың ызына дүшди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 20:13
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Ýowabyň adamlaryndan biri Emasanyň jesediniň ýanynda durup: «Kim Ýowabyň tarapdary bolsa, kim Dawuda wepaly bolsa, Ýowabyň yzyna eýersin» diýdi.


Goşun Abelbeýtmagaka galasyna çenli tutuş demirgazyk tireleriniň içinden geçdi. Demirgazyk tireleriniň halky jemlenip birleşdiler-de, gala tarap Ýowabyň yzyna düşdi.


Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi.


Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar, ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.


Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy.


Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!


Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň:


Özüň üçin çelgiler goý, ýol görkezýän sütünler dik, ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla. Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy, öz şäherleriňe tarap öwrül!


Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler.


Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy.


Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.


Sygyrlar saga-sola sowuljak bolman, göni Beýtşemeşe barýan uly ýol bilen molaşyp gitdiler. Tä Beýtşemeşiň araçägine çenli piliştli hanlar olaryň yzyndan galmadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ