Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 20:10 - Mukaddes Kitap

10 Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эмаса Ёвабың элиндәки гылыҗына үнс бермеди. Ёвап гылыҗыны онуң гарнына сокуп, ичгошуны ере силкди, гылыҗы гайтадан сокмага зерурлык галмады; Эмаса өлди. Соңра ики доган Ёвап билен Абышай Бикри оглы Шебаның ызындан ковмага башладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 20:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.


Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.


Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Benýaminlerden, Şawulyň kowumyndan bolan bular peýkam atyp, hem sag, hem çep elleri bilen daş, ýaý bilen ok atyp bilýän adamlardy.


Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi.


Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse,


Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar.


Ehut çep eli bilen sag budundaky hanjaryny aldy-da, patyşanyň garnyna sokdy.


Abyşaý Dawuda: «Hudaý bu gün duşmanyňy eliňe berdi. Indi maňa ygtyýar et: naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin – men ony ikinji gezege goýjak däl» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ