Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 20:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол вагт бенямин тиресинден Бикриниң оглы Шеба диен бир дейюс шол ердеди. Ол шахдан эдилен сурнай чалып, шейле дийип гыгырды: «Эй, ысрайыллар, пайымыз ёк Давутда! Пайымыз ёк Йышайың оглунда! Өйли-өйүңизе даргаң!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 20:1
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art.


Emma ol: «Şahdan edilen surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“ diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady.


Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.


Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus!


Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Şeýdip, ähli ysraýyllar Dawutdan aýrylyp, Bikri ogly Şebanyň yzyna düşdüler. Ýöne ýahudalar özleriniň patyşasy Dawuda ygrarly bolup, Iordan derýasyndan Iýerusalime çenli onuň bilen bile boldular.


Aýal akylly pikiri bilen halkyň ýanyna gitdi. Olar Bikri ogly Şebanyň kellesini kesip, ony Ýowaba tarap zyňyp goýberdiler. Ýowap surnaý çaldy; olar galadan çekildiler. Hemmeler öýli-öýüne gitdi. Ýowap bolsa Iýerusalime patyşanyň ýanyna gaýtdy.


Ähli ýaramazlar zyňlan tiken ýalydyr. Çünki tikeni elläp bolmaýar.


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, her kes öýli-öýüne gaýtsyn! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» diýdi. Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka näme jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.


Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.


Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?


Kömür köz üçin, odun ot üçin, jenjelçi dawa tutaşdyrmak üçin gerek.


Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi.


galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,


Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.


Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi.


Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri Elimelegiň kowmyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.


Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


Şonda Dawut bilen bile gelenleriň arasyndaky pis hem ýaramaz adamlar şeýle diýdiler: «Bizden galandyklary üçin, olar oljadan hiç zat almazlar. Olar diňe öz aýallary bilen çagalaryny alsynlar-da gidibersinler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ