Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Abner ony Gilgadyň, Aşuryň, Ýizregeliň, Efraýymyň, Benýaminiň hem-de tutuş Ysraýylyň patyşasy etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Абнер оны Гилгадың, Ашурың, Йизрегелиң, Эфрайымың, Беняминиң хем-де тутуш Ысрайылың патышасы этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy.


Ysraýyla patyşalyk edip başlanda, Şawulyň ogly Yşboşet kyrk ýaşyndady. Ol iki ýyl patyşalyk etdi. Emma ýahuda tiresi Dawudyň yzyna eýerdi. Hebronda ýahuda tiresine Dawut ýedi ýyl alty aý bäri patyşalyk edýärdi.


Şawul bilen Dawudyň kowum-garyndaşlarynyň arasyndaky uruş dowam edýärdi. Şawulyň kowumyndan Abner barha güýçlenýärdi.


Şawulyň kowumlaryndan bolan benýaminlerden üç müň adam. Bularyň köpüsi owal Şawulyň nesillerine wepaly bolupdylar.


Efraýymlardan öz uruglarynyň arasynda meşhur bolan ýigrimi müň sekiz ýüz batyr ýigit;


Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn.


Aşeriň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.


Efraýymlaryň uruglaryna görä alan ýerleriniň araçägi şular bolupdyr: olaryň mülk ýerleriniň gündogar araçägi Atarotaddar bolup, ol ýokarky Beýthorona çenli barýar.


Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat.


Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşalara degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi.


Şeýle hem, günbatardaky manaşa tiresi üçin bije atyldy. Manaşa Ýusubyň nowbahar ogludy. Manaşanyň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça onuň urugyna Gilgat we Başan berlipdi.


Ilkinji bolup, benýamin tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň bijesine düşen paý ýahudalar bilen Ýusup nesilleriniň aralygyndaky ýerler boldy.


Olaryň gündogar araçägi Iordan bolupdyr. Bu benýamin tiresiniň uruglary boýunça ähli taraplaýyn araçäklenen mülk ýerleri bolupdyr.


Olaryň ýerine şular degişlidir: Ýizregel, Kesullot, Şunem,


Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.


Şeýdip, aşerler şol ýeriň ilaty bolan kenganlaryň arasynda ýaşaberdiler, çünki olary kowmadylar.


Piliştliler öz güýçlerini Apekde jemlediler, ysraýyllar bolsa Ýizregeldäki çeşmäniň boýunda ornaşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ