Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin! Bu eden işiňiz üçin menem size ýagşylyk ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реб сизе мерхемет этсин хем вепалылык гөркезсин! Бу эден ишиңиз үчин менем сизе ягшылык эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary Ammon ýurduna baranda,


Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin».


Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».


Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi.


Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.


Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.


Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.


Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy? Ýagşylygy pikir edýänler sadyk söýgi gazanmaýarlarmy?


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.


Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.


Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.


Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ