Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Давут чапарларың үсти билен ябешлилере шейле хабар ёллады: «Өз җенабыңыз Шавулы җайлап, оңа вепалылык гөркезендигиңиз үчин, Реб сизи ялкасын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!


Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin».


Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşeýan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşeýan meýdançasyndan ogurlapdylar.


Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.


Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.


Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.


Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.


Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň.


Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.


Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.


Şamuwel Şawulyň ýanyna baranda, Şawul oňa: «Reb saňa ýar bolsun! Men Rebbiň emrini berjaý etdim» diýdi.


Şawul olara şeýle diýdi: «Derdimi paýlaşanyňyz üçin Reb sizi ýalkasyn!


Şu gün sen özüňiň maňa garaýşyňyň gowudygyny görkezdiň. Reb meni seniň eliňe berse-de, sen meni öldürmänsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ