Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Яхуданың адамлары гелдилер ве Давудың башына яг гуюп, оны яхуда тиресине патыша белледилер. Олар Шавулы Гилгатдакы ябешлилериң җайландыгыны Давуда хабар беренлеринде,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:4
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut patyşa Ýahudanyň ýaşulularyna aýtmak üçin, Sadok bilen Abýatar ruhanydan şeýle habar iberdi: «Patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi? Tutuş Ysraýylyň aýdanlary patyşa ýetdi.


Tutuş ýahudalar ysraýyllara: «Sebäbi patyşa biziň ýakyn garyndaşymyz. Näme üçin muňa gaharyňyz gelýär? Biz, heý, patyşanyň hasabyna bir zat iýdikmi ýa patyşa bize serpaý ýapdymy?» diýdiler.


Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».


Aýanyň gyzy, Şawulyň gyrnagy Rispanyň bu eden işini Dawuda habar berdiler.


Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşeýan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşeýan meýdançasyndan ogurlapdylar.


Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, çöldäki gala gitdi.


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler.


Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi.


Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler.


Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr:


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ