31 Dawudyň adamlary Abnere goşulan benýaminlerden üç ýüz altmyş adamy öldürdi.
31 Давудың адамлары Абнере гошулан беняминлерден үч йүз алтмыш адамы өлдүрди.
Ýowap Abneri kowalamagy bes edenden soň, adamlaryny toplady. Dawudyň adamlaryndan Asahelden başga-da on dokuzy kemdi.
Olar Asaheli äkidip, Beýtullahamda – onuň öz kakasynyň gubry goýlan gümmeziň içinde jaýladylar. Soňra Ýowap adamlary bilen uzak gije ýol ýöräp, daň agaranda Hebrona geldi.
Şawulyň adamlary bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler.
Ysraýylyň patyşasy Benhadada şeýle jogap berdi: «Söweşe ugraýan söweşden üstün çykyp, yzyna dolanyp gelýän esger kimin öwünmeli däldir».