Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Abner Ýowaba gygyryp şeýle diýdi: «Adamlaryň gylyçdan geçirilmeginiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň soňunyň pajygaly boljagyny bileňokmy? Garyndaşlaryny kowalamagy bes etmegi üçin adamlaryňa haçan buýruk berjek?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Абнер Ёваба гыгырып шейле дийди: «Адамларың гылычдан гечирилмегиниң, хей, соңы гелмезми? Мунуң соңуның паҗыгалы болҗагыны билеңокмы? Гарындашларыны коваламагы бес этмеги үчин адамларыңа хачан буйрук берҗек?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:26
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut çapara: «Ýowaba aýt, goý, bu iş üçin ol köp alada galmasyn; gylyç kä oňa deger, kä muňa. Galanyň üstüne hüjümi güýçlendirsinler-de, ony ýumursynlar. Şu sözler bilen ony ruhlandyr» diýdi.


Abner Ýowaba: «Goý, ýaş ýigitler öňe çyksynlar-da, başa-baş güýç synanyşsynlar» diýdi. Ýowap hem: «Goý, çyksynlar» diýdi.


Olar biri-biriniň kellesinden tutup, garşydaşynyň böwründen gylyçlaryny geçirdiler. Şeýdip, olaryň ählisiniň läşi serildi. Şoňa görä-de Gibgondaky ol ýere Helkathassurym diýen at berildi.


Benýaminler Abneriň daşyna toplandylar-da, birleşdiler; olar bir depäniň üstüne çykyp durdular.


Ýowap Abnere: «Diri Hudaýdan ant içýän! Eger özüň seslenmedik bolsaň, meniň adamlarym öz garyndaşlaryny tä daňdana çenli kowalardylar» diýdi.


«Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,


«Haçana deňeç meni gynap, sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?


Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda. Maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.


Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.


Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy.


Haçana çenli men söweş tuguny görüp, surnaý sesini eşitmelikäm?


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.


Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.


Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“ diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ