Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Йөне Асахел ыза гайтмак ислемеди. Шунлукда, Абнер найзасының уҗуны онуң ичинден гечирди. Асахел йыкылды, йыкылан еринде-де җан берди. Онуң өлен еринден геченлериң хеммеси ол ерде аяк чекдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:23
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ýowap bilen Abyşaý Abneriň yzyndan kowaladylar. Gün ýaşanda, olar Giýanyň garşysyndaky, Gibgon çölüne tarap gidýän ýoluň ýakasyndaky Omah depesine ýetdiler.


Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Şeýdip, Ýowap we onuň dogany Abyşaý Gibgonda bolan uruşda öz doganlary Asaheli öldüren Abneriň janyna kast etdiler.


Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular. Bu, ine, şeýle bolupdy: olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Iordan deresiniň ýoly bilen uzak gije ýörediler.


Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ