Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шондан соң Давут: «Яхуда галаларының бирине гидейинми?» дийип, Реббе йүз тутды. Реб: «Хава, гит!» дийип җогап берди. Давут: «Хайсына гидейин?» дийип сорады. Реб: «Хеброна» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 2:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Ýakup olary görüp: «Bu Hudaýyň düşelgesi» diýdi. Şeýdip, Ýakup ol ýeri Mahanaýym diýip atlandyrdy.


Dört ýyldan soň Abşalom Dawut patyşa: «Rugsat berseň, Hebrona gidip, Rebbe eden kasamymy ýerine ýetireýin.


«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.


Dawut Ysraýylda kyrk ýyllap patyşalyk etdi. Ol ýedi ýyl Hebronda, otuz üç ýyl hem Iýerusalimde patyşalyk etdi.


Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň bäş ýüz dört batman altyn, on ýedi müň batman kümüş, otuz müň batman bürünç hem-de bir ýüz ýetmiş müň batman demir berdiler.


Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi.


Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.


Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy.


Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.


Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.


Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.


Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.


Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ