Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:9 - Mukaddes Kitap

9 Ysraýyl tireleriniň ählisi: «Dawut bizi duşmanlarymyzyň elinden we piliştlilerden halas etdi. Ol Abşalom zerarly ýurtdan gaçdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ысрайыл тирелериниң әхлиси: «Давут бизи душманларымызың элинден ве пилиштлилерден халас этди. Ол Абшалом зерарлы юртдан гачды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:9
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.


Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Başyna ýag guýup, özümize patyşa goýan Abşalomymyz-a uruşda öldi. Indi patyşany yzyna getirmek barada näme üçin dil ýarmaýarsyňyz?» diýip, özara jedelleşýärdiler.


Patyşa Gilgala tarap ýola düşdi, Kimham hem onuň bilen bile gitdi. Tutuş ýahuda halky we ysraýyl halkynyň ýarysy patyşany ugratdy.


Öz halkymyň garşylygyndan meni halas eýleýäň, Sen meni milletlere baş edip goýýaň, tanamadyk halkym tabyndyr maňa.


Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.


Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi.


Gylyçsyz, sapan hem-de daş bilen Dawut piliştliden üstün çykyp, ony urup öldürdi.


Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ