Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:8 - Mukaddes Kitap

8 Patyşa turdy-da, derwezäniň agzyna baryp oturdy. Muny tutuş goşuna habar berdiler. Ähli goşun patyşanyň huzuryna geldi. Şol wagt ysraýyllaryň ählisi öz öýlerine gaçyp gitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Патыша турды-да, дервезәниң агзына барып отурды. Муны тутуш гошуна хабар бердилер. Әхли гошун патышаның хузурына гелди. Шол вагт ысрайылларың әхлиси өз өйлерине гачып гитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:8
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi.


Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi.


Patyşa olara: «Siz nämäni isleseňiz, şony ederin» diýdi. Patyşa derwezäniň ýanynda durdy; tutuş goşun ýüz-ýüzden, müň-müňden düzülip, galadan çykdy.


Şol gün Dawudyň esgerleri edil uruşdan gaçan ýaly bolşup, utanşyp ýuwaşlyk bilen gala girdiler.


Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.


Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler.


Onsoň Ýehoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram gije edomlylaryň gabawyny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy.


Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ