Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ёвап патышаның өйүне гелип, оңа шейле дийди: «Сен бу гүн өзүңиң, огул-гызларыңың, аялларыңдыр гырнакларыңың җаныны халас эден эсгерлериңиң йүзүни ере салдың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:5
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy.


Sebäbi özüňi ýigrenýänleri söýüp, özüňi söýýänleri ýigrendiň. Sen goşunbaşylaryňdyr esgerleriňiň özüň üçin hiç kimdigini bu gün ap-aýdyň etdiň. Eger-de Abşalom diri galyp, biziň ählimiz ölen bolsak, onda seniň şatlanjak ekendigiňe men anyk göz ýetirdim.


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.


Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ