Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:43 - Mukaddes Kitap

43 Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

43 Эмма ысрайыллар яхудалара: «Давут патышада пайымыз сизиңкиден көпдүр, он пайымыз бар. Шонда-да нәме үчин бизи әсгермезлик этдиңиз? Патышаны ызына гетирмекде илкинҗи сөз бизиңки болмалы дәлми нәме?» дийип җогап бердилер. Эмма яхудаларың сөзи ысрайылларыңкыдан газаплы болуп чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:43
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Dawut bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar.


Ysraýyl tireleriniň ählisi: «Dawut bizi duşmanlarymyzyň elinden we piliştlilerden halas etdi. Ol Abşalom zerarly ýurtdan gaçdy.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.


Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris.


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.


Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.


Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.


Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.


Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez.


Soňra efraýymlar Gidegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gidegony gaty ýazgardylar.


Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ