Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:39 - Mukaddes Kitap

39 Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Тутуш гошун Иордан дерясындан гечди, патыша-да гечди. Ол Барзыллайы огшап, оңа пата берди; Барзыллай өз өйүне гайтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:39
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!


Goý, Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin.


Laban daň bilen turup, agtyklarydyr gyzlaryny ogşap, olara pata berip, öz mekanyna gaýtdy.


Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.


Ýakup faraona ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy.


Soňra Ýusup kakasyny faraonyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup faraona pata berdi.


Emma patyşa oňa: «Ýok, oglum, hemmämiz gitmäli; biz saňa ýük bolarys» diýdi. Abşalom hernäçe ýalbarsa-da, Dawut gitmäge razy bolmady, ýöne oňa ak pata berdi.


Şondan soň Ýowap patyşanyň ýanyna gidip, Abşalomyň sözlerini oňa ýetirdi. Patyşa Abşalomy çagyrdy. Ol patyşanyň huzuryna gelip, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. Patyşa Abşalomy ogşady.


Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi.


Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Hökmürowan Rebbiň adyndan halka pata berdi.


Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!»


Elýaşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady. Elýaşa Ylýasa: «Men öňürti enem-atam bilen hoşlaşaýyn, onsoň seniň yzyňa düşeýin» diýdi. Ylýas oňa: «Bar, gidiber, ýöne sen meniň eden işimiň näme aňladýandygyny bilýänsiň» diýdi.


Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.


Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň.


Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýynenesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.


Men ölenimden soň nesillerimi ýok etmejekdigiňe, adymy atamyň neslinden aýyrmajakdygyňa Rebden ant iç».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ