Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:38 - Mukaddes Kitap

38 Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38 Патыша оңа: «Кимхам мениң билен гидер, мен хем онуң үчин сениң ислән задыңы эдерин, хава, әхли ислән задыңы мен сениң үчин эдерин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:38
4 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men guluň yzyma gaýdyp, öz galamda, kakamyň, ejemiň guburlarynyň golaýynda öleýin. Ýöne, ine, şu ýerde guluň Kimham bar. Şa hezretleri bilen, goý, ol gidäýsin. Senem göwnüňe jaý bolan zady onuň üçin et» diýdi.


Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy.


Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.


Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler. Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ