Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:37 - Mukaddes Kitap

37 Men guluň yzyma gaýdyp, öz galamda, kakamyň, ejemiň guburlarynyň golaýynda öleýin. Ýöne, ine, şu ýerde guluň Kimham bar. Şa hezretleri bilen, goý, ol gidäýsin. Senem göwnüňe jaý bolan zady onuň üçin et» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Мен гулуң ызыма гайдып, өз галамда, какамың, эҗемиң губурларының голайында өлейин. Йөне, ине, шу ерде гулуң Кимхам бар. Ша хезретлери билен, гой, ол гидәйсин. Сенем гөвнүңе җай болан зады онуң үчин эт» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:37
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.


Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter.


Olar Ysraýyly Kengan topragyna getirip, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýladylar. Ybraýym bu gowagy gonamçylyk etmek üçin ýeri bilen bile Epron hetden satyn alypdy.


Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly?


Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi.


Patyşa Gilgala tarap ýola düşdi, Kimham hem onuň bilen bile gitdi. Tutuş ýahuda halky we ysraýyl halkynyň ýarysy patyşany ugratdy.


Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.


Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.


Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler. Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.


Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi.


Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmandygyny siziň hut özüňiz mese-mälim bilýäňiz. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.


Sebäbi Rebbimiz Isa Mesihiň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ