Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:28 - Mukaddes Kitap

28 Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Какамың әхли гарындашлары ша хезретлериниң өңүнде өлдүрилмәге дегишли болуп дурка, мен гулуңызы өз сачагыңызың башындакыларың арасында отуртдыңыз. Шондан соң патыша шикаят этмәге нәме хакым бар?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:28
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.


şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!»


Guluň Ýowap muny ýagdaýy üýtgetmek üçin etdi. Ýöne şa hezretleri Hudaýyň perişdesi ýaly danadyr; ol ýer ýüzünde bolup geçýän ähli işleri bilýär» diýip jogap berdi.


Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».


Dawut: «Jenabyňyň agtygy nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Iýerusalimde. Ol: „Ysraýyl halky şu gün atamyň şalygyny maňa gaýtaryp bermeli“ diýýär» diýdi.


Patyşa oňa: «Öz ýagdaýlaryň hakynda gürlemegiň hajaty ýok. Men saňa we Siba ýeri paýlaşmagy buýruk berýärin» diýdi.


Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy.


Mepiboşet Iýerusalimde ýaşaýardy, sebäbi ol hemişe patyşanyň saçagyndan naharlanýardy. Onuň iki aýagy-da agsakdy.


Ýedi ýyldan soň bu aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramak üçin, patyşanyň huzuryna gitdi.


Bu eden işiňiz gowy däl. Rebden ant içýärin, sen ölüme mynasyp, sebäbi sen öz jenabyňa, Rebbiň seçip-saýlan adamyna gözegçilik edip bilmediň. Ine, seret, patyşanyň başujundaky naýzasy bilen suw küýzesi nirede?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ