Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 19:24 - Mukaddes Kitap

24 Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudy garşylamaga geldi. Patyşanyň giden gününden tä ol sag-salamat dolanyp gelýänçä, ol öz aýaklaryny-da, geýimlerini-de ýuwmandy, sakgalyny hem bejermändi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шавулың агтыгы Мепибошет Давуды гаршыламага гелди. Патышаның гиден гүнүнден тә ол саг-саламат доланып гелйәнчә, ол өз аякларыны-да, гейимлерини-де ювманды, сакгалыны хем беҗермәнди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 19:24
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy.


Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Dawut: «Jenabyňyň agtygy nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Iýerusalimde. Ol: „Ysraýyl halky şu gün atamyň şalygyny maňa gaýtaryp bermeli“ diýýär» diýdi.


Siba Dawut patyşa: «Şa hezretleriniň men guluna emr eden zatlarynyň ählisi berjaý ediler» diýdi. Mepiboşet edil Dawudyň öz ogullarynyň biri ýaly onuň saçagyndan naharlanýardy.


Şeýle hem Bahurymdan bolan benýaminli Geranyň ogly Şimgi bardyr. Mahanaýyma barýarkam, ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordan derýasyna meni garşylamaga gelende, men oňa: „Men seni öldürmerin“ diýip, Rebden ant içdim.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ