Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.
Emma ol adam Ýowaba şeýle diýdi: «Müň kümüş berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym, sebäbi patyşa: „Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy goraň“ diýip, saňa, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berendigini öz gulagymyz bilen eşitdik.
Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi.
Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.
«Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy gorap saklaň» diýip, patyşa Ýowaba, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berdi. Abşalom barada şanyň baştutanlaryna beren bu buýrugyny bütin goşun eşitdi.
Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.