Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 18:9 - Mukaddes Kitap

9 Abşalom Dawudyň adamlaryna duýdansyz sataşdy. Ol gatyr münüp gelýärdi. Gatyr uly bir dub agajynyň aşagyndan geçende, Abşalomyň kellesi agajyň şahalaryna ilişdi. Ol ýer bilen gögüň arasynda asylyp galdy, gatyr onuň aşagyndan sypyp gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Абшалом Давудың адамларына дуйдансыз саташды. Ол гатыр мүнүп гелйәрди. Гатыр улы бир дуб агаҗының ашагындан геченде, Абшаломың келлеси агаҗың шахаларына илишди. Ол ер билен гөгүң арасында асылып галды, гатыр онуң ашагындан сыпып гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 18:9
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalomyň adamlary Amnony buýrulyşy ýaly etdiler. Şanyň beýleki ogullary bolsa öz gatyrlaryna münüp gaçdylar.


Saçyny gyrkyp, (kellesine agram salýandygy üçin, ol her ýylyň ahyrynda saçyny gyrkardy) şanyň terezisi bilen onuň saçynyň agramy çekilip görlende, ol bäş ýüz mysgala ýeterdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Bir adam ony görüp: «Abşalom dub agajyndan asylyp galypdyr» diýip, Ýowaba habar berdi.


Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi.


Söweş ýurduň ähli ýerini gurşap aldy. Ol gün tokaý sebäpli ölenler gylyçdan ölenlerden köp boldy.


Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?


Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy.


Musa: „Ata-eneňe hormat goý“ we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


„Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ