Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.
Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir söweş arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».