Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 18:28 - Mukaddes Kitap

28 Ahymagas patyşa: «Sag-salamatlyk!» diýip gygyrdy. Soňra ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym edip: «Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun, Ol şa hezretlerine el galdyranyň almytyny berdi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Ахымагас патыша: «Саг-саламатлык!» дийип гыгырды. Соңра ол ере йүзин дүшүп, патыша тагзым эдип: «Худайың Реббе алкыш болсун, Ол ша хезретлерине эл галдыраның алмытыны берди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 18:28
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi.


Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz sadyk söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi.


Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Tekowaly aýal patyşanyň huzuryna bardy-da, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym edip: «Kömek ediň, eý, şahym!» diýdi.


päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.


Dördünji gün olar Beraka deresine ýygnanyp, şol ýerde Rebbi alkyşladylar. (Şonuň üçin-de bu dere şu güne çenli hem Beraka deresidir.)


«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.


«Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.


Ýitro: «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun!


Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.


Ol Dawuda şeýle diýdi: «Sen menden adalatly ekeniň. Ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.


Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.


Abyşaý Dawuda: «Hudaý bu gün duşmanyňy eliňe berdi. Indi maňa ygtyýar et: naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin – men ony ikinji gezege goýjak däl» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ