Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 18:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol goşuny üç topara böldi: bir topara Ýowap, bir topara Seruýanyň ogly, Ýowabyň dogany Abyşaý, üçünji topara bolsa gatly Ytaý baştutanlyk edýärdi. Patyşa özüniň hem olaryň ýanlarynda boljakdygyny olara aýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол гошуны үч топара бөлди: бир топара Ёвап, бир топара Серуяның оглы, Ёвабың доганы Абышай, үчүнҗи топара болса гатлы Ытай баштутанлык эдйәрди. Патыша өзүниң хем оларың янларында болҗакдыгыны олара айтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 18:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.


Emma Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi. Şondan soň Dawudyň adamlary: «Indi sen biziň bilen bile söweşe çykma, goý, Ysraýylyň çyrasy sönmesin» diýip, oňa kasam etdiler.


Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.


Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – baş emeldardy,


Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi.


Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.


Soňra Gidegon üç ýüz adamy üç bölüme böldi-de, hemmesiniň eline şahdan edilen surnaý, boş küýze we küýzäniň içine-de çyra salyp berdi.


Gidegon bilen ýüz adam ýarygijäniň öň ýany, sakçylaryň ýaňy çalşylan wagty, düşelgäniň bir ujundan geldiler-de, surnaýlaryny çalyp, ellerindäki küýzelerini döwdüler.


Ol öz adamlaryny alyp, olary üç bölüme böldi-de, meýdanda bukuda oturtdy. Halkyň galadan çykanyny görende, duýdansyz olaryň üstüni basyp, olary gyrdyrdy.


Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ