Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 18:19 - Mukaddes Kitap

19 Sadogyň ogly Ahymagas: «Ylgaýyn-da, Rebbiň patyşany duşmanlarynyň elinden halas edendigini oňa buşlaýyn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Садогың оглы Ахымагас: «Ылгайын-да, Реббиң патышаны душманларының элинден халас эдендигини оңа бушлайын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 18:19
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt.


Sadogyň ogly Ahymagas bilen Abýataryň ogly Ýonatan hem şol ýerdedir. Şolaryň üsti bilen alan maglumatlaryňy maňa ýetirersiň».


Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Eýnrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar.


Ýowap oňa: «Bu gün buşlamak gerek däl. Buşluk habary bu gün däl-de, başga bir gün äkidersiň, sebäbi şanyň ogly öldi» diýdi.


Ol ýene: «Her niçigem bolsa, menem ylgaýyn» diýdi. Ýowap: «Bolýar, bar ylga!» diýdi. Ahymagas düzlük bilen ylgap, efiopiýalydan ozup geçdi.


Soňra efiopiýaly geldi. Ol: «Şa hezretleri, buşluk! Garşyňa çykanlaryň hemmesiniň elinden Reb seni halas etdi» diýdi.


onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.


Çapar üstüne çapar, habarçy üstüne habarçy ylgaşyp, Babyl patyşasyna şu habary ýetirdiler: «Şäher doly basylyp alyndy,


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ