Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 18:17 - Mukaddes Kitap

17 Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Соңра Абшаломың җеседини алып, токайдакы чуң гарыма ташладылар ве үстүне уллакан эдип, даш үйшүрдилер. Ысрайылларың әхлиси даргашып, өйли-өйүне гачып гитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 18:17
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň.


Patyşa turdy-da, derwezäniň agzyna baryp oturdy. Muny tutuş goşuna habar berdiler. Ähli goşun patyşanyň huzuryna geldi. Şol wagt ysraýyllaryň ählisi öz öýlerine gaçyp gitdiler.


Ysraýyl tireleriniň ählisi: «Dawut bizi duşmanlarymyzyň elinden we piliştlilerden halas etdi. Ol Abşalom zerarly ýurtdan gaçdy.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Aýal akylly pikiri bilen halkyň ýanyna gitdi. Olar Bikri ogly Şebanyň kellesini kesip, ony Ýowaba tarap zyňyp goýberdiler. Ýowap surnaý çaldy; olar galadan çekildiler. Hemmeler öýli-öýüne gitdi. Ýowap bolsa Iýerusalime patyşanyň ýanyna gaýtdy.


Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler.


Onsoň Ýehoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram gije edomlylaryň gabawyny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy.


Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, erbetleriň ady çüýreýändir.


Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“ diýsinler.


Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.


Gün batanda, Ýeşuwanyň buýrugy boýunça olary alyp, öňki gizlenen gowagyna taşladylar we ullakan daşlar bilen gowagyň agzyny ýapdylar. Olar häzire çenli hem şol ýerde saklanyp galypdyrlar.


Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.


Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ