Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 18:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ёвап: «Мен сениң билен бейдип, вагт йитирип дуруп билмерин» дийди-де, үч саны найза алып, хениз дубда салланып дуран дири Абшаломың йүрегинден гечирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 18:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».


Şondan soň Abşalom hyzmatkärlerine: «Ine, Ýowabyň ekin meýdany meniňki bilen ýanaşyk; onuň ol ýerde arpasy bar. Gidiň-de, şony otlaň» diýdi. Hyzmatkärler gidip, onuň ekin meýdanyny otladylar.


Ýowabyň ýaragyny göterýän on nökeri Abşalomy ara alyp, urup öldürdi.


«Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy gorap saklaň» diýip, patyşa Ýowaba, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berdi. Abşalom barada şanyň baştutanlaryna beren bu buýrugyny bütin goşun eşitdi.


«Patyşa Abşalom üçin aglap, onuň ýasyny tutýar» diýip, Ýowaba habar berdiler.


Dawut patyşa Ýahudanyň ýaşulularyna aýtmak üçin, Sadok bilen Abýatar ruhanydan şeýle habar iberdi: «Patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi? Tutuş Ysraýylyň aýdanlary patyşa ýetdi.


Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Sisera örän ýadawdy; ol uka gitdi. Ýagel çadyryň gazyklaryndan birini hem-de tokmagy alyp, gazygy assyrynlyk bilen Siseranyň gulak tozunda goýdy-da, üstünden tokmak bilen urdy. Gazyk onuň kellesini ýere ýelmeşdirdi. Ol dessine jan berdi.


Ol çadyrdan çykdy, sol eline gazyk, sag eline tokmak aldy. Tokmak bilen Siserany urup, onuň kellesini mynjyratdy. Ol gazygy eline aldy-da, Siseranyň gulak tozunda goýup, üstünden tokmak bilen kakdy.


Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ