«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.
Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň.
Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.