Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 17:25 - Mukaddes Kitap

25 Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Абшалом Эмасаны Ёвабың ерине гошунбашы эдип гойды. Эмаса Йытра диен бир ысрайылың оглуды. Йытра Ёвабың эҗеси, Серуяның аял доганы, Нахашың гызы Абыгайыла өйленипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 17:25
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar bilen Abşalom Gilgatda düşlediler.


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Şeýlelikde, Dawut bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar.


Patyşa Emasa: «Üç günüň dowamynda Ýahudanyň erkek göbeklilerini meniň ýanyma ýygna, özüňem şu ýerde bol» diýdi.


Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady.


Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşalardan käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi pilişt baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.


Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ