Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 17:23 - Mukaddes Kitap

23 Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Өз маслахатының ер тутмандыгыны гөрен Ахытопел эшегини гаңңалады-да, өз галасына, өйүне гитди. Барып, машгаласына весъет эденден соң болса өзүни асды. Оны какасының губры гойлан гүммезде җайладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 17:23
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.


«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.


Şondan soň Dawut bilen onuň ýanyndaky goşun Iordan derýasyndan geçdiler. Daň saz berýänçä, olar derýadan doly geçip gutardylar.


Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi.


Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.


Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?


Olaryň agzynda dogry söz ýokdur, olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.


Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir.


Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.


Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.


Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ