Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Абшалом билен әхли ысрайыллар: «Арк уругындан болан Хушайың маслахаты Ахытопелиң маслахатындан говы» дийдилер. Себәби Реб Абшаломы хеләкчилиге дучар этмек үчин, Ахытопелиң оңат маслахатыны пуҗа чыкармак карарына гелипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 17:14
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň.


Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.


Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.


Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Emma Amazýa muňa gulak asmady. Bu zatlar Ýahudany duşmanlarynyň eline bermek üçin Hudaý tarapyndan edilipdi, sebäbi halk Edom hudaýlaryna sežde edipdiler.


Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk.


Ol hökümdarlary kemsidip, kazylary akmaklara öwürýär.


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?


Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ