Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 17:11 - Mukaddes Kitap

11 Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шоңа гөрә мениң маслахатым шейле: Дандан Беершеба ченли әхли ысрайыллар деңиз кенарының чәгелериче көплүкде сениң яныңа топлансын. Сөвешде олара өзүң баштутанлык эт.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 17:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.


Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.


Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Indi sen goşunyň galan bölegini topla we galanyň çar tarapyndan çozup, ony basyp al. Bolmasa galany özüm basyp alaryn we ol meniň adym bilen atlandyrylar» diýip habar iberdi.


Patyşa Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Dandan Beýerşeba çenli ysraýyl tireleriniň ählisine aýlanyp, olary hasaba alyň, maňa ilatyň sany gerek» diýdi.


Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».


Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.


Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bütin Ysraýyl bildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ