Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 17:10 - Mukaddes Kitap

10 Şonda arslan ýürek gaýduwsyz batyram gorkudan ýaňa pagyş-para erär, sebäbi kakaňyň batyr ýigitdigini, onuň ýanyndakylaryň-da gaýduwsyzdygyny tutuş Ysraýyl bilýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шонда арслан йүрек гайдувсыз батырам горкудан яңа пагыш-пара эрәр, себәби какаңың батыр йигитдигини, онуң янындакыларың-да гайдувсыздыгыны тутуш Ысрайыл билйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 17:10
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, oglum Ýahuda, sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur.


Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, güýçlüdiler arslandan.


Häzir ol bir gowakda ýa-da başga bir ýerde gizlenendir. Ilkinji hüjümde biziňkilerden öleni bolaýsa, onda ony eşidenler: „Abşalomyň yzyna düşenler gyrlypdyr“ diýerler.


Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi.


Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär.


Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.


Ana, Süleýmanyň şa paýtuny! Ysraýylyň altmyş gerçegidir onuň daşynda.


Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.


Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“.


lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler.


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ