Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.
Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»
Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».
Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.
Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».