Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Давут патыша: «Мепибошедиң әхли зады инди сениңки» дийди. Сиба: «Саңа тагзым! Өзүңиз мерхемет эдиң, эй, ша хезретлери!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 16:4
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýowap ýere ýüzin düşüp tagzym etdi we patyşa alkyş aýtdy. Soňra ol patyşa: «Eý, şa hezretleri, öz islegini berjaý edendigiňize görä, siziň nazaryňyzda rehim-şepagat tapandygyny men guluňyz bilýär» diýdi.


Tekowaly aýal patyşanyň huzuryna bardy-da, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym edip: «Kömek ediň, eý, şahym!» diýdi.


Patyşa aýala: «Bolýar, gidiber, men sen hakda perman bererin» diýdi.


Dawut: «Jenabyňyň agtygy nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Iýerusalimde. Ol: „Ysraýyl halky şu gün atamyň şalygyny maňa gaýtaryp bermeli“ diýýär» diýdi.


Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi.


Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men.


Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi.


Soňra patyşa Şawulyň hyzmatkäri Sibany çagyryp, oňa: «Şawula hem onuň nesline degişli bolan zatlaryň ählisini jenabyňyň agtygyna berendirin.


Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.


Başga biri gelip, oňa sorag berýänçä, dawada ilki geplän dogry ýaly görünýändir.


Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.


Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ