Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 16:23 - Mukaddes Kitap

23 Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Шол дөвүрде Ахытопелиң берйән маслахаты Худайдан соралан маслахат хасап эдилерди. Ахытопелиң әхли маслахаты Давут билен Абшаломың икиси үчинем шейледи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 16:23
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.


«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn.


Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar.


Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.


Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.


Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Akyldarlar utanja galdylar, howp içinde duzaga düşdüler. Olar Rebbiň sözüni ret etdiler. Olarda näme pähim bar?


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Olar özlerini akylly saýyp, akmak boldular,


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ