Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 16:21 - Mukaddes Kitap

21 Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ахытопел: «Какаңың өе серетмек үчин гоюп гиден гырнак аяллары билен ят. Шейтсең, өзүңи какаңа душман эдендигиңи тутуш Ысрайыл эшидер ве сениң тарапыңдакыларың голуна кувват берер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 16:21
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi.


Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;


Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady.


Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.


Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Reb şeýle diýýär: «Saňa erbetligi öz öýüňden dörederin. Aýallaryňy öz gözüňiň alnynda eliňden alyp, ýakynyňa bererin. Ol ýakynyň gündiziň günortany aýallaryň bilen ýatar.


Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“ diýip aýt» diýdi.


Şeýdip, patyşa tutuş maşgalasyny yzyna tirkäp, ýola çykdy. Ol on gyrnak aýalyny öýe seretmek üçin goýup gitdi.


Abşalom Ahytopele ýüzlenip: «Hany, maslahat beriň, biz näme etmeli?» diýdi.


Huşaý: «Ahytopeliň bu gezekki beren maslahaty gowy maslahat däl» diýip,


Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».


Dawut Iýerusalimdäki öýüne geldi. Öýe seretmek üçin goýup giden on gyrnak aýallarynyň ählisini bir jaýa gabap, olary gorag astyna aldy; olary zerur zatlar bilen üpjün etdi, ýöne ýanlaryna girmedi. Gyrnak aýallar şeýdip, tä ölýänçäler dul ýaly ýaşadylar we gabawdan çykarylmadylar.


Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Siriýa hökmürowanlyk etdi.


Adonyýa: «Haýyş edýärin, Süleýman patyşadan şunemli Abyşagy maňa aýallyga bermegini soraý. Ol saňa ýok diýmez» diýdi.


Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»


Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma.


Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.


Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar.


Akyş han Dawuda ynanyp: «Ol öz halkynyň gözünden büs-bütin düşüp, meniň hemişelik guluma öwrüler» diýip pikir edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ