Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 16:16 - Mukaddes Kitap

16 Dawudyň dosty ark urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Давудың досты арк уругындан болан Хушай Абшаломың янына барып: «Патышаның өмри узак болсун! Патышаның өмри узак болсун!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 16:16
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Hudaýa sežde edilýän belentligiň üstüne çykanda, onuň bilen duşuşmak üçin ark urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi.


Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň.


Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý Iýerusalime geldi. Şol wagt Abşalom gala girip barýardy.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.


Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.


Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlishana geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn.


Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!


Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn!


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ