Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 16:11 - Mukaddes Kitap

11 Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Соңра Давут Абышая хем-де әхли адамларына: «Өз билимден өнен оглум кастыма чыкансоң, бу беняминден нәме говулыга гарашяңыз?! Гой, гаргаса гаргаберсин, оңа дегмәң, себәби бу Реббиң эмридир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 16:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybrama Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar».


Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi.


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.


Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.


Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.


Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.


Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ