Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 16:1 - Mukaddes Kitap

1 Dawut belentlikden biraz daşlaşanda, Mepiboşediň hyzmatkäri Siba goşa eşeklere iki ýüz çörek, ýüz goşawuç kişmiş, ýüz goşawuç injir we bir meşik şerap ýükläp, Dawudyň öňünden çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Давут белентликден бираз дашлашанда, Мепибошедиң хызматкәри Сиба гоша эшеклере ики йүз чөрек, йүз гошавуч кишмиш, йүз гошавуч инҗир ве бир мешик шерап йүкләп, Давудың өңүнден чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 16:1
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Dawut Hudaýa sežde edilýän belentligiň üstüne çykanda, onuň bilen duşuşmak üçin ark urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi.


Onuň ýanynda benýaminden müň adam bardy. Şawulyň maşgalasynyň hyzmatkäri Siba on bäş ogluny hem-de ýigrimi hyzmatkärini ýanyna alyp, patyşanyň öňünden Iordan derýasyndan geçdi.


Ol juda garrydy – segsen ýaşyndady. Patyşa Mahanaýymda bolanda, Barzyllaý ony iýmit bilen üpjün edipdi, çünki ol juda gurply adamdy.


Ol ýeriň golaýynda ýaşaýanlar zebulun, naftaly, ysakar tireleriniň çäklerine çenli eşeklerdir düýelere, gatyrlardyr öküzlere ýükläp, köp mukdarda un, injir kökeleri, kişmiş, şerap, ýag, öküz hem goýun getirdiler, çünki Ysraýylda şatlyk-şagalaňdy.


Sowgat gapylary açýar, emeldarlaryň ýanyna eltýär.


Men bolsam bu ýere geljek babyllylaryň öňünde size wekilçilik eder ýaly, Mispada galjak. Emma siz miweler ýygyp, şerap, ýag ýygnaň. Olary ammaryňyzda goýuň-da, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň».


Ýahudalaryň ählisi dargadylan ýerlerinden yzlaryna dolandylar. Olar Ýahuda ýurduna, Mispada ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gaty köp miwe ýygnap, bolelin şerap öndürdiler.


Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Soňra ol ýerden gidersiň we Tabordaky dub agajynyň ýanyna bararsyň. Ol ýerde sen biri üç owlak, beýlekisi üç çörek, ýene biri bolsa bir tulum şerap alyp, Beýtele, Hudaýyň ýanyna barýan üç kişä duşarsyň.


Ýyşaý ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberende, onuň ýany bilen bir eşege çörek, bir tulum şerap hem-de bir owlak ýükläp iberdi.


Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ