Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:8 - Mukaddes Kitap

8 Men guluň Siriýa ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мен гулуң Сирия юрдуның Гешур галасында яшаяркам, „Эгер Реб мени Иерусалиме гайтарып элтсе, мен Оңа Хебронда сежде эдерин“ дийип касам эдипдим» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:8
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň Ýowap Geşura gidip, Abşalomy Iýerusalime getirdi.


Abşalom oňa şeýle jogap berdi: «Gelsin diýip, yzyňdan adam iberdim. „Meni Geşurdan näme üçin getirdiň? Ol ýerden gaýtmadyk bolsam, mundan gowy bolardy“ diýip aýtdyrmak üçin, seni patyşanyň ýanyna iberjekdim. Men häzir patyşanyň ýanyna gideýin. Eger günäkär hasaplasa, onda, goý, ol meni öldüräýsin!»


Patyşa oňa: «Arkaýyn gidiber» diýdi. Şeýdip, ol Hebrona gitdi.


Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.


Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!


Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ