Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:31 - Mukaddes Kitap

31 «Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 «Ахытопел Абшаломың янында – дилдүвшүге гатнашанларың арасында» дийип, Давуда хабар бердилер. Давут: «Я Реб, Ахытопелиң маслахатларыны пуҗа чыкармагыңы дилейәрин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:31
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.


Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.


Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Abşalom: «Ark urugyndan bolan Huşaýy-da çagyr, onam diňläli, näme diýýär» diýdi.


Huşaý: «Ahytopeliň bu gezekki beren maslahaty gowy maslahat däl» diýip,


Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar.


Söweş günüňde gerçekleriň mukaddes şöhrata beslenip, meýletin bolar, ýaşlygyň säher çygy deý dolanyp geler.


Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý tarapdarymdyr.


Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?


Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?


Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ