Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:30 - Mukaddes Kitap

30 Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Давут аглап-эңрәп Зейтун дагына чыкды. Башында өртүги барды, аяклары ялаңачды. Онуң янындакыларың-да әхлисиниң башлары өртүлгиди, гидип барышларына оларам аглаярдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:30
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar.


Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy.


Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň.


Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.


Sen hakykatyňy, nuruňy iber, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.


Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.


Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».


Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.


Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.


Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.


Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara:


Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi.


Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.


Mundan soňra resullar Zeýtun dagyndan Iýerusalime gaýdyp geldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir Sabat günlük ýoldy.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ